Tesla kompaniýasy adamsypat (gumanoid) roboty bolan Optimus-yň täzelenen görnüşini görkezýän gysga wideony çykardy. Robot indi laboratoriýa şertlerinde has ynamly hereket edýär we adamyňka meňzeş deňagramlylygyň hem-de sazlaşykly hereketleriň kämilleşendigini görkezýär. Wideo Tesla-nyň resmi Optimus akkaundynda peýda boldy we soňra Ilon Mask tarapyndan paýlaşyldy. Optimus — boýy takmynan 180 sm, agramy bolsa 73 kg bolan doly ölçegli gumanoiddir. Onuň 40-dan gowrak erkinlik derejesi bar, bu bolsa onuň hereketlerini mümkin boldugyça adamyňka ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Her bir el 11 sany hereketli bogun bilen enjamlaşdyrylan bolup, bu robotyň dürli şekildäki zatlary hysyrdysyz tutmagyna we olar bilen işlemegine şert döredýär. Robot 2,3 kWt·sag batareýa bilen işleýär. Onuň energiýa sarp edişi garaşma (entek işe başlamadyk) režiminde takmynan 100 watt, ýöreýän wagtynda bolsa 500 watta çenli ýetýär. Bu görkeziji adaty hojalyk enjamlarynyň energiýa sarp edişi bilen deňeşdirerlikdir. Täze wideoda esasy başarnyklara üns çekilýär: akgynly ýöreýiş, durnuklylyk we bedeni doly dolandyrmak. Öňki görkezilenler bilen deňeşdirilende, robotyň hereketleri has bitewi we bökdençsiz (birden durman) görünýär.