«Al-Nasr» saud klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bir senenama ýylynyň dowamynda ýekeje-de het-trik etmedi. Tamamlanan 2025-nji ýylda portugaliýaly futbolçy resmi oýunlaryň hiç birinde üç we ondan köp gol geçirmedi diýip, Spor portaly ýazýar. Şeýle ýagdaý Ronaldu üçin 2009-njy ýyldan, «Realyň» düzüminde oýnap başlan döwründen bäri ilkinji gezek boldy. Şeýle-de bolsa, 40 ýaşly futbolçy 2025-nji ýylda jemi 41 gol geçirdi. Geçen ýylda soňky gol Saud Arabystanynyň çempionatynyň myhmançylykdaky oýnunda «Al-Ittifak» toparynyň derwezesine girizildi. Şol oýun 2:2 hasabynda tamamlandy. Kriştianu Ronaldu köp titulyň eýesi bolup, Çempionlar ligasynda bäş ýeňiş gazandy, Ýewropa çempionatynyň altyn medalyny we Milletler ligasynyň iki kubogyny utdy. Ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň gowy bombardir adyny saklaýar. Hüjümçi «Al-Nasra» 2022-nji ýylyň dekabrynda geçdi. Ozal Ronaldu Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda we Madridiň «Realynda» oýnady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir