2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi. Bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi. Maksatnama ýeňijilere okuw ýylynyň dowamynda meýletin kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik berýän talyp hakyny berýär. Gitmek-gelmek hem-de ABŞ-da ýaşamak bilen bagly ähli harajatlary maksatnama dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasynyň synaglary aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr: Synaglara 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2010-njy ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan, harby gulluga gitmeli oglanlar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler; Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we ýetişigi gowy bolan; Iňlis dilini öňden öwrenip gelýän we hasaba alyş döwründe iňlis dili bilimini görkezen; Soňky bäş ýylyň dowamynda ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk; ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän; Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar. Synaga gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3x4 ölçegli bir fotosuratyny, ruçka alyp gelmelidir we mekdep lybasynda bolmalydyr. Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar özüni talabalaýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, olar «FLEX» maksatnamasynyň synagyndan çykarylyp bilner. Test merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektron enjamlary ulanmaga rugsat berilmeýär. Synaglaryň rejesi Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar onuň Aşgabat şäherinde geçiriljek birinji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Okuwçylara bäsleşigiň birinji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaga rugsat berilýär. Goşmaça maglumat üçin: Amerikan geňeşleriniň Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutup bilersiňiz. Telefon belgileri: (+99312) 36-90-22; (+99363) 50-20-36. Elektron sahypasy: http://americancouncilstm.org/flex/ Bäsleşigiň geçirilýän ýerleri 4-nji ýanwar, Mary welaýaty, Mary ş., 19-njy orta mekdep, 09:00; 6-njy ýanwar, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., 4-nji orta mekdep, 09:00; 8-nji ýanwar, Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., 2-nji orta mekdep, 09:00; 10-njy ýanwar, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., 3-nji orta mekdep; 09:00; 11-nji ýanwar, Aşgabat ş. we Ahal welaýaty, 20-nji orta mekdep, 09:00.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir