Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agortehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmenpagta» döwlet konsernine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine: — ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2026-njy ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek; — gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy. Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde: — «Türkmenpagta» döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen; — «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen; — Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen; — «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.