Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde öý üçin niýetlenen täze «Music Studio» akustika ulgamlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjamlar kompaniýanyň sungat eseri hökmünde görünýän tehnologiýalary döretmek çemeleşmesine doly laýyk gelýär. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi mundan ozal hem edil surat ýaly görünýän «The Frame» telewizoryny çykarypdy. «Music Studio» ulgamynyň daşky görnüşi fransuz dizaýneri we suratkeşi Erwan Burullek bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Kompaniýa sergide iki modeli görkezer. Music Studio 5 toplumyň kiçi modeli bolar. Ol 4 dýuýmlyk pes ýygylykly dinamik we iki sany ýokary ýygylykly ses beriji bilen üpjün edilen. Iň ýokary derejeli Music Studio 7 modeli bolsa 3.1.1 kanally ulgamdyr. Ony aýratyn kolonka hökmünde ulanyp, stereo ses üçin jübütläp ýa-da beýleki gabat gelýän simsiz dinamiklere, saundbarlara we Samsung telewizorlaryna birikdirip bolýar. Enjam 24-bit/96 kGs ölçeginde ýokary durulykdaky (Hi-Res) sesi goldaýar. Iki modelde hem sesi bozmazdan, pes ýygylyklary (baslary) güýçlendirýän «AI Dynamic Bass Control» tehnologiýasy bar. Samsung häzirlikçe jikme-jik tehniki aýratynlyklary aýan etmedi. «Music Studio» barada goşmaça maglumatlar ýanwar aýynyň başynda geçiriljek CES 2026 sergisinde belli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir