Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) ýylyň iň gowy tälimçileriniň reýtingini hödürledi. Klub derejesinde birinji orny 222 utuk bilen «Pari Sen-Žermeniň» halypasy Luis Enrike eýeledi. Ikinji orunda Enso Mareska («Çelsi», 60), üçünji orunda Hans-Diter Flik («Barselona», 57) ýerleşdi. Şeýle-de, bäşlige Wensan Kompani («Bawariýa», 42) we Mikel Arteta («Arsenal», 24) girdi. Milli ýygyndylaryň baş tälimçileriniň sanawynda yzygider ikinji ýyl iň gowy tälimçi Luis de la Fuente (Ispaniýa) boldy. Ol 136 utuk gazandy. Onuň bilen birlikde bäşlikden Roberto Martines (Portugaliýa, 83), Lionel Skaloni (Argentina, 59), Stole Solbakken (Norwegiýa, 48) we Tomas Tuhel (Angliýa, 41) orun aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir