Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýurduň iň uzyn awtomobil tuneli boýunça hereket açyldy. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, gürrüň Urumçi — Ýuýli ýokary tizlikli awtomagistralynda gurlan, uzynlygy 22,13 kilometre ýetýän «Týanşan Şenli» tuneli barada barýar. Tunel Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda ýerleşýär we Týan-Şan daglarynyň aşagyndan geçýär. Onuň ulanmaga berilmegi sebitiň demirgazygy bilen günortasyny birleşdirýän tutuş tizlikli ýoluň açylmagynda möhüm tapgyr boldy. Indi daglyk ýerlerden geçmek üçin birnäçe sagadyň ýerine, takmynan 20 minut ýeterlikdir. Tuneliň iň çuň ýerleşýän nokady 1,1 kilometre ýetýär. Gurluşyk işleri wagtynda inženerler 16 sany geologik jaýryk zolagy, ýokary seýsmiki işjeňlik we örän pes temperatura ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Tunel bilen bir wagtda uzynlygy 324,7 kilometr bolan awtomagistral hem işe girizildi. Ol Sinszýanyň iri şäherlerini birleşdirip, Urumçi we Korla şäherleriniň arasyndaky ýol wagtyny 7 sagatdan 3 sagada çenli azaltdy. Taslama bäş ýylyň dowamynda durmuşa geçirildi we oňa goýlan maýa goýumlarynyň möçberi 6,63 milliard dollara ýetdi. Dünýädäki iň uzyn awtomobil tuneli adyny heniz hem Norwegiýadaky Lerdal tuneli saklap galýar. Ol Hytaýyň bu täze tunelinden 2,38 kilometr uzyndyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir