Arheologlar Yrak Kürdüstanynda gadymy küýzegärçilik ussahanasyny ýüze çykardylar. «Journal of Archaeological Science» neşiri onuň takmynan 3000 ýyllyk ýaşyna garamazdan, örän gowy ýagdaýda saklanyp galandygyny habar berýär. Demir asyryna degişli bu ussahana Dinka gadymy obasynyň çäginde tapyldy. Týubingen uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglaryna görä, tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 1200–800-nji ýyllara degişlidir. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar iki sany bişiriş pejini, keramika böleklerini, ýangyç galyndylaryny we gatlakly çökündileri tapdylar. Bu tapyndylar alymlara çig palçygy taýýarlamakdan başlap, taýýar küýzeleriň öndürilişine çenli ähli önümçilik tapgyrlaryny yzarlamaga mümkinçilik berdi. Alymlaryň aýtmagyna görä, şeýle önümçilik toplumlarynyň bu derejede bitin saklanyp galmagyna seýrek duş geliniýär. Bu açyş gadymy Ýakyn Gündogaryň senetçilik önümçiligi, şäher durmuşy we jemgyýetçilik gurluşy barada täze maglumatlary berdi. Baş ylmy işgär Silwiýa Amikone ussahananyň saklanyş ýagdaýynyň önümçilik ulgamyny doly täzeden dikeltmäge mümkinçilik berendigini belledi. Seljermeler işiň aýdyň we ulgamly shema boýunça guralandygyny, öndürilen önümleriň bolsa diňe bir ýerli ýaşaýjylar üçin däl-de, tutuş sebit üçin niýetlenendigini görkezdi. Şeýle-de, küýzegärleriň toýny pes temperaturada bişirmek usulyny ulanandyklary we nesilden-nesle geçip gelýän durnukly düzgünlere eýerendikleri anyklandy.