Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirilende barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýan raýatlaryň sanawyny giňeltdi. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder. Bu barada Orient agentligi habar berýär. Indi Hytaýda 180 güne çenli bolmak şerti bilen gysga möhletli wiza almak isleýänleriň ählisi biometrik maglumatlary tabşyrmak prosedurasyndan boşadylýar. Bu başlangyç dolandyryş işlerini ýönekeýleşdirmäge we wiza almagyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde, käbir kategoriýalar üçin barmak yzlaryny hökmany tabşyrmak talaby saklanyp galýar. Bu kadalar D, J1, Q1, S1, X1 we Z görnüşli wizalar üçin ýüz tutýanlara degişlidir. Agzalan wiza görnüşleri Hytaýa barandan soň ýaşamak üçin rugsatnamany resmileşdirmegi göz öňünde tutýar. Şol sebäpli, bu ýagdaýlarda daktiloskopiýa bellenen tertipde geçiriler. Hytaýyň ilçihanasyndan berlen maglumata görä, bu täzelik wiza alma prosesini has oňaýly we elýeterli eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir