Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş we abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadag telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi we täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň Parlamentine we özbek halkyna Ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara sammitleriň Gün tertibine suw meselesini girizmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde hem-de Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir