Yzigiderli gülki ýürege we damarlara aram fiziki hereket bilen deň bolan peýdany getirip biler. Bu barada Pensilwaniýa uniwersitetiniň professory, kardiolog Maýkl Miller habar berdi. Onuň sözlerini «Medical Xpress» getirýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Hünärmeniň aýtmagyna görä, gülki sagdyn durmuş ýörelgesiniň doly bahaly düzüm bölegidir. Ol hepdede üç-bäş gezek sport bilen meşgullanmak ýaly peýdalydyr. Onuň fiziki täsiri endorfinleriň işlenip çykarylmagy bilen baglydyr. «Bu gormonlar gan damarlaryny giňeldýän we ganyň aýlanyşyny gowulandyrýan molekulalary — azodyň oksidini işläp çykarmagy işjeňleşdirýär. Netijede, gan basyşy peselýär, çişme kiçelýär we ýaramaz holesteriniň derejesi pese düşýär, bularyň ählisi-de miokardo infarktiniň töwekgelçiligini azaldýar» diýip, Miller aýdýar. Gülkiniň saglyga peýdasy aýratyn ylmy ugur —gelotologiýa XX asyryň ortalaryndan bäri işjeň ösdürilip gelinýär. Ylmy barlaglar gülkiniň diňe ýürek-damar ulgamyna däl, immunitete hem peýdalydygyny görkezdi. Kardiolog hatda ýasama gülkiniň hem saglyk üçin peýdalydygyny aýdýar. Ol hem tebigy gülki ýaly dem alyş we myşsa täsirlenmelerini herekete getirip, oňyn fiziologik täsir edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir