2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň çäginden jemi 19 müň konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, üstaşyr 9 müň 250, eksport 5 müň 650 we import 4 müň 100 sany, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9 müň 405 konteýnere ösüş gazanyldy. Türkmenistanyň logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp, «Demirgazyk — Günorta», «Lapis-Lazuli», «Gündogar — Günbatar» halkara ulag geçelgelerinden ýurduň üsti bilen üstaşyr, import hem-de eksport ýük dolanşygyny artdyrmak boýunça häzirki döwürde amatly hasaplanylýan konteýner ýük dolanşygy giňden ulanylyp başlandy. Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa, Özbegistan — Azerbaýjan — Gruziýa halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Russiýa — Gazagystan Türkmenistan — Eýran, Özbegistan — Azerbaýjan — Gruziýa ugurlaryndan hasabat döwründe jemi 63 sany konteýner otlulary üstaşyr amala aşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir