Hytaýyň az tanalýan Kosmera markasy ýanwar aýynda Las-Wegasda geçiriljek CES sergisinde iki sany elektrik awtoulagynyň prototipini tanyşdyrar. Olaryň arasynda 1900 at güýjündäki giperkar aýratyn gyzyklanma döredýär. Premium segmentine degişli bu täze modelleriň tehniki aýratynlyklary eýýäm mälim edildi. Giperkaryň güýç beriji ulgamy dört sany elektrik hereketlendirijisinden ybarat bolup, awtoulagyň kuwwatynyň onuň agramyna gatnaşygy takmynan 1:1-e deňdir. Ulagyň gurluşy aerokosmos derejesindäki kompozit materiallardan ýasalan berk şassi esasynda döredildi. Awtomobil jemgyýetçilik ýollarynda we ýörite ýaryş trassalarynda ulanmak üçin adaptiw asma ulgamy, şeýle hem emeli aňa esaslanýan wirtual sürüjilik tälimçisi bilen üpjün edilen. Tizer suratlaryndan çen tutulsa, ulagyň eksterýeri belent üçek çyzygy, giň teker arkalary, ägirt uly antikrylo (arka ganat) we nal şekilli dekoratiw radiator gözenegi bilen tapawutlanýar. Sergide görkeziljek ikinji model bolsa bäş gapyly "grand-turer" bolup, ol daşky görnüşi boýunça Porsche Taycan modelini ýatladýar. Kosmera kompaniýasynyň wekilleri bu modelleriň seriýalaýyn önümçilige goýuljakdygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermediler.