Lozanna Federal Politehniki mekdebiniň (EPFL) ýanyndaky CREATE laboratoriýasynyň inženerleri öli langustinleriň ekzoskeletlerini esas hökmünde ulanyp, biogibrid robotlaryny işläp düzdüler. Berk hitinden ybarat bolan bu organiki gurluşlar biologik berkligi we bogun membranalarynyň çeýeligini özünde jemleýän täsin gurluşlary döretmäge mümkinçilik berdi. Bu täsin ylmy iş barada IFLScience žurnalynda habar berildi. Barlagçylar myşsalaryň işjeňligini öýkünmek üçin gabyklary elastik elementler we motorlaşdyrylan esas bilen üpjün etdiler. Leňňeç şekillileriň guýrugyna esaslanýan prototiplerden biri 500 grama çenli agramy bolan zatlary saklap bilýän tutujy penjelere öwrüldi. Bu penje pomidordan başlap, şarikli ruçka çenli dürli dykyzlykdaky jisimleri aşa takyklyk bilen tutup bilýär. Ýene bir nusga bolsa — iki "ýüzgüçli" suwda ýüzýän robot bolup, ol sekuntda 11 santimetre çenli tizlige bökdençsiz ýetmegi başarýar. "Bu iş azyk galyndylaryny robot ulgamlaryna integrasiýa etmegiň mümkinçiligini ilkinji gezek görkezdi. Bu bolsa durnukly dizaýn bilen gaýtadan ulanmak ýörelgeleriniň utgaşmasydyr" diýip, barlagyň esasy awtory Sara Kim belledi. Onuň sözlerine görä, bu çemeleşme plastikden ýa-da metaldan ýasalan mehanizmlere garanyňda, gurluşy has-da ýönekeýleşdirýär. Laboratoriýanyň müdiri Jozi Hýuz ekzoskeletleriň tebigy balansy saklaýandygyny we her bir bölegiň garaşsyz hereket etmegine mümkinçilik berýändigini nygtady. Alymlar tebigy formalaryň, hatda käbir inženerçilik kemçiliklerine garamazdan, emeli usulda döredilen köp sanly çözgütlerden has netijelidigini belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir