Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen Dohada geçirilen ýaryşda 10,5 utuk gazanyp, karýerasynda rapid boýunça altynjy dünýä çempiony titulyny gazandy. Ýaryşyň dowamynda Karlsen ýedinji raundda russiýaly grossmeýster Wladislaw Artemýewden utuldy. Şondan soň ol yzygider bäş ýeňiş gazandy, jemleýji döwde bolsa Niderlandlaryň wekili Aniş Giri bilen deňme-deň oýnady. Bu hem oňa birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Artemýew 9,5 utuk bilen ahyrky sanawda ikinji orunda ýerleşdi. Ýatlap geçsek, geçen ýyl dünýä çempionatynyň ýeňijisi russiýaly Wolodar Murzin boldy. Şol wagt Karlsen dress-kod düzgün bozulmasy sebäpli ýaryşdan çetleşdirilipdi. Magnus Karlsen klassyk küşt boýunça 16-njy dünýä çempionydyr. Ol 2022-nji ýylda Ýan Nepomnýaşiý bilen oýunda bu tituly goramazlyk kararyna geldi. Kataryň paýtagtynda sport programmasy 29-njy we 30-njy dekabrda dowam eder, bu aralykda blitz boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir