Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi. Parižliler mundan başga-da UEFA-nyň Superkubogyny we Yklymara Kubogy (Intercontinental Cup) eýelediler. PSŽ-niň hüjümçisi Usman Dembele ýylyň iň oňat futbolçysy diýlip ykrar edildi. Mundan ozal ol «Altyn top» baýragyny alypdy we FIFA-nyň wersiýasy boýunça hem ýylyň iň gowy futbolçysy bolupdy. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştiano Ronaldu bolsa yzly-yzyna üçünji gezek Ýakyn Gündogaryň iň oňat futbolçysy baýragyna mynasyp boldy. Esasy ugurlar boýunça ýeňijileriň sanawy: Iň oňat erkekler kluby: PSŽ; Iň oňat milli ýygyndy: Portugaliýa; Iň oňat tälimçi: Luis Enrike (PSŽ); Ýylyň iň oňat futbolçysy: Usman Dembele (PSŽ); Iň oňat zenan futbolçy: Aitana Bonmati («Barselona»); Maradona adyndaky baýrak we iň oňat hüjümçi: Lamin Ýamal («Barselona»); Iň oňat ýarym goragçy: Witinýa (PSŽ); Ýylyň dolanyşygy: Pol Pogba («Monako»); Iň oňat ýaş oýunçy: Dezire Due (PSŽ). Ýörite baýraklar serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçe hem-de tomusda ýol heläkçiliginde aradan çykan Portugaliýanyň ýygyndysynyň we «Liwerpulyň» öňki oýunçysy Diogo Žota (merhumyň hatyrasyna) berildi. Globe Soccer Awards baýragy Ýewropa klublar birleşigi we Ýewropa futbol agentler birleşigi tarapyndan guralýar. Ýeňijiler janköýerleriň ses bermegi hem-de futbol tälimçilerinden we menejerlerinden ybarat bolan emin agzalarynyň karary esasynda kesgitlenilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir