Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini neşir etdi. 10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 17–19 mart — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň maslahaty 18 mart — «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy 14–16 aprel — «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty 28–30 aprel — Türkmen‑Hytaý işewürlik forumy we sergisi 12–14 maý — «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi 24–25 maý — «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi 4–6 iýun — «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi‑maslahaty 19–22 awgust — «Kids Expo: çagalar üçin ähli zat» atly halkara sergi‑ýarmarkasy 17–19 sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 1–30 oktýabr — Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF) 10–12 oktýabr — «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty 21–23 oktýabr — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we halkara sergisi 3–5 noýabr — «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty 24–26 noýabr — «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir