Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu sylaglar Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik häsiýetlerinde terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir