Altynyň bahasy ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 4500 dollardan geçip, taryhy iň ýokary netijäni görkezdi. Nýu-Ýorkuň haryt biržasyndaky (COMEX) söwdanyň dowamynda fewral fýuçersi üçin baha iň ýokary derejesinde 4502,4 dollar boldy. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, gymmat bahaly metalyň bahasy 50 gün bäri rekord görkezijini täzeleýär. Altynyň bahasy 4400 dollar çäkden geçen hepde geçdi. Agentligiň analitikleri bu dinamikany ABŞ bilen Wenesuelanyň arasynda geosyýasy ýagdaýyň ýitileşmegi, şeýle-de ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň göterim goýumlarynyň peselmegine garaşylmagy bilen baglanyşdyrýar.