Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi. Onuň garşydaşlary Hytaý Taýbeýiniň, Şri Lankanyň (ikisi bilen hem iki gezek) we Tailandyň toparlary boldy. Bu duşuşyklarda türkmen futbolçylary dört ýeňiş gazanyp, bir gezek ýeňlişe sezewar boldy. Toparçada aýgytly oýun 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Tailandyň milli ýygyndysy bilen myhmançylykda bolar. Häzir toparlaryň ikisi-de 12 utuk bilen D toparçada öňdebaryjy, ýöne Röwşen Meredowyň futbolçylary iýundaky şahsy duşuşykda utmagy netijesinde Tailandyň toparyndan öňe geçýär (3:1). FIFA-nyň reýtinginde birinji orny Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeleýär. Ýewropanyň häzirki çempionynyň hasabynda 1877,18 utuk bar. Ikinji setirde Argentinanyň topary ýerleşýär (1873,33). Üçlügi fransuzlar jemleýär (1870). Soňra Angliýanyň (1834,12) we Braziliýanyň milli ýygyndylary (1760,46) gelýär. Şeýle-de, FIFA zenanlar milli ýygyndylarynyň reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň wekilleri 2025-nji ýyly 1063,882 utuk bilen 141-nji orunda jemledi. Topar 3 setir aşak düşdi.