Dekabryň ahyrynda Aşgabatda meşhur daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri geçiriler. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky dabaralar Gyşky oýunlar sport toplumynda bolar. Baýramçylyk maksatnamasyny 27-nji dekabrda eýran-şwesiýaly aýdymçy Arash (Araş Labafzade) açar. Ertesi gün, 28-nji dekabrda tomaşaçylaryň öňünde russiýaly aýdymçy Mot (Matweý Melnikow) çykyş eder. Daşary ýurtly ýyldyzlaryň çykyşlaryny 29-njy dekabrda türkiýeli aýdymçy Semicenk (Jenk Baş) jemlär. 30-njy dekabrda bolsa türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky konsert baýramçylygyň ajaýyp jemlemesi bolar. Ähli konsertler sagat 18:00-da başlanýar.