MGM+ striming hyzmaty 1960-njy ýyllaryň “Ajaýyp ýediligiň” (“Великолепная семерка”) nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär. Taslamany "Gahrymanlar" (Heroes) serialynyň döredijisi Tim Kring işläp düzer; ol ssenarini ýazar we ýerine ýetiriji prodýuser bolar. Prodýuserler toparyna Donald De Laýn, Lorens Miriş we Brýus Kaufman hem girýär. Öndürijilik işleri MGM+ Studios we MGM Television Studios tarapyndan alnyp barlar. Surata düşüriş işlerine 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Täze wersiýanyň aktýorlar düzümi we sýujet jikme-jiklikleri heniz mälim edilmedi. "Tim Kring — ussat hekaýatçy. Tim, Donald De Laýn, Larri Miriş we Brýus Kaufman nusgawy westerniň energiýasyny özünde jemleýän, asyl filmiň mirasyna hormat goýýan we onuň ebedi temalaryny: zuluma garşy göreşde agzybirligiň güýjüni hem-de ejizlere ýardam bermek arkaly ruhy taýdan tämizlenýän kämil däl gahrymanlar baradaky hekaýaty tassyklaýan serial döretdiler" diýip, MGM+-yň ýolbaşçysy Maýkl Raýt teswir berdi. Asyl filmde obany ýer eýesiniň zulumyndan goraýan ýedi hakyna tutulan esgeriň hekaýaty gürrüň berilýär. Onda baş keşplerde Ýul Brinner, Stiw MakKuin, Çarlz Bronson we beýlekiler çykyş etdiler. Ol film ýapon režissýory Akira Kurosawanyň "Ýedi samuraý" filminiň erkin adaptasiýasy bolupdy.