2025-nji ýylda global internet trafigi 19% ýokarlanyp, geçen ýylky 17% görkezijisinden geçdi. Şol bir wagtyň özünde, adamlar tarapyndan döredilýän trafigiň paýy 43,5%-e çenli peseldi. Cloudflare platformasynyň statistikasyna görä, emeli aň (EA) botlarynyň peýda bolmagy has göze ilýär. HTML soraglary bilen baglanyşykly trafigiň 4,2%-i şolaryň paýyna düşdi. Trafigiň 47,9%-ini bolsa emeli aň bilen baglanyşykly bolmaly bolan adaty botlar döretdi. Bot trafiginiň iň uly çeşmesi gözleg ulgamlaryny indekslemek we EA-ny okatmak üçin ulanylýan Googlebot boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bot trafiginiň geografiki gelip çykyşy boýunça 40% paý bilen dünýäde liderligini saklaýar. Kompaniýa, şeýle hem Cloudflare howpsuzlyk ulgamlarynyň ähli trafigiň 6,2%-ini ähtimal zyýanly hökmünde awtomatiki usulda bökdenç edendigini ýa-da çäklenendigini habar berdi. Mundan başga-da, ýylyň dowamynda kuwwaty boýunça 25-den gowrak rekord derejeli DDoS hüjümleri hasaba alyndy. Iň köp ulanylýan EA hyzmaty hökmünde ChatGPT yglan edildi. Ondan soňra Anthropic Claude gelýär we ol Perplexity hem-de Google Gemini ulgamlaryndan öne geçýär. Ilon Maskyň Grok ulgamy bolsa Hytaýyň DeepSeek hyzmatyndan çalaja öňe geçip, diňe dokuzynjy ýeri eýeledi. Iň köp girilýän internet hyzmatlarynyň umumy reýtinginde bolsa Google, Facebook, Apple we Microsoft öňdeligi saklaýarlar.