Hytaý häkimiýetleri ilkinji gezek umumy ulanylýan ýollarda 3-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamly awtoulaglary ulanmaga rugsat berdiler. Bu ygtyýarnamany Changan konserniniň Deepal SL03 we BAIC kompaniýasynyň Arcfox Alpha S elektromobilleri aldy. Bu taslamanyň birnäçe berk çäklendirmeler bilen işe girizilýändigi bellenilýär. Awtonomlygyň üçünji derejesi sürüjä ellerini ruldan aýyrmaga we gysga wagtlyk ünsüni ýoldan sowmaga mümkinçilik berýär, ýöne jogapkärçilik öňküsi ýaly sürüjiniň üstünde galýar. Häzirki tapgyrda ulgam diňe belli bir köçelerde işlär. Deepal SL03 awtopilotyny Changan kompaniýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Çunsin şäheriniň käbir etraplarynda ulanyp biler. Arcfox Alpha S bolsa şuna meňzeş rugsady Pekinde, BAIC baş edarasynyň golaýynda aldy. Elektronika tarapyndan dolandyrylanda iň ýokary tizlik Deepal üçin 50 km/sag, Arcfox üçin bolsa 80 km/sag bilen çäklendirildi. Rugsatnamanyň çäklendirilen görnüşde berilmegi, bu ulgamlaryň hakyky şertlerde synag tapgyrynyň dowam edýändigini görkezýär. Şu wagtyň özünde Huawei hem ýol synaglaryna taýýarlyk görýär. Deslapky maglumatlara görä, synaglar Şençžen şäherinde Aito M9 we Maextro S800 modellerinde geçiriler we olaryň rulunda brendleriň işgärleri bolar. Taslama üçünji derejeli awtonom ulgamlaryň howpsuzlygyny barlamaga gönükdirilendir. Huawei tarapyndan işlenip düzülen şuňa meňzeş ulgam eýýäm Arcfox Alpha S modelinde ulanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir