Sankt-Peterburg şäherindäki Döwlet Ermitaž muzeýiniň «Georgiýew» zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy başlandy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Sankt-Peterburg şäherindäki Döwlet Ermitaž muzeýine bardylar. Bu ýerde Russiýanyň Prezidenti bilen bilelikde Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dünýäniň iň uly muzeýleriniň biri bolan Ermitažyň ekspozisiýalaryny synladylar. Soňra Döwlet Ermitaž muzeýiniň «Georgiýew» zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy başlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir