Aziýada ynanyşmagy berkitmek we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarydyr ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly şertleri döretmek Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammitiniň dowamynda mälim etdi diýip, TDH habar berýär. «Aziýada ynanyşmagy berkitmek we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarydyr ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly şertleri döretmek ýene-de bir ileri tutulýan ugurdyr» diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy. Serdar Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Aşgabat ýaraglary ýaýratmazlyk düzgünini berjaý etmek, ýadro synaglarynyň ähli görnüşlerini gadagan etmek we ýaragsyzlanmak ýaly ugurlar boýunça özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Prezident: «Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy ählumumy howpsuzlyga, strategik durnuklylyga goşulýan möhüm goşant hökmünde garaýarys» diýip nygtady. Döwlet Baştutany häzirki zaman şertlerinde açyk we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Ol 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününa hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ýubileýine bagyşlanan halkara foruma ünsi çekdi. «Forum häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, ynanyşmagy we dialogy pugtalandyrmak ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly halkara meýdança öwrüldi» diýip, Prezident belledi we «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň gatnaşyjylaryna foruma işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde ähli halkara meseleleriň diňe parahatçylykly ýollar bilen, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda çözülmelidigi baradaky garaýyşlaryna ygrarlydygyny nygtady. «Halkara hukugy ileri tutmak ýörelgelerini berjaý etmek, halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak esasy şert bolup durýar» diýip, Prezident aýtdy. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip ylan etmek baradaky başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir