2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi. Müdirligiň hasabatynda howanyň we suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň buzluklaryň eremegini çaltlaşdyrandygy we Arktikanyň landşaftyny düýpli üýtgedendigi bellenilýär. Bu prosesler dünýä ummanynyň derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem ýer süýşmeleriniň we sunamileriň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň artmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da, buzluklaryň eremegi netijesinde Arktika suwlaryna köp mukdarda demir we beýleki himiki elementler garyşýar. NOAA munuň deňiz gurşawynyň hapalanmagyna getirip biljekdigini duýdurýar. Hasabatda Çukot we Bering deňizlerindäki haýwanat dünýäsiniň käbir görnüşleriniň hem uly howp astyndadygy aýdylýar. Resminamada soňky on ýylyň tutuş gözegçilik taryhynda sebit üçin iň maýyl döwür bolandygy aýratyn nygtalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir