«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy. Film polisiýa towşan bilen onuň ýoldaşy tilkiniň hekaýatyny dowam etdirýär. Ozal golliwud relizleriniň arasynda öňdebaryjy 1,038 mlrd dollar gazanan «Lilo we Stiç» kinoremeýkidi. Bu görkeziji boýunça üçünji orny «Minecraft kinoda» (958 mln dollar) eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde, dünýä prokatynda 2025-nji ýylyň iň girdejili taslamasy «Neçža aždarhalar şasyny ýeňýär» (Нэчжа побеждает Царя драконов) hytaý multfilmi bolmagynda galýar – onuň kassa ýygymy dollara geçirilende 2,2 mlrd dollar boldy (bu mukdaryň 99%-i Hytaýda gazanyldy). Täze horror «Freddi bilen bäş gije 2» (Пять ночей у Фредди 2) dünýä boýunça 173 mln dollar ýygnady. ABŞ-da prokatyň ikinji uikendinde filmiň girdejisi 70% peseldi, ýöne bu bir wagtyň özünde striming platformalarynda çykan birinji bölümiňkiden az pese gaçyş boldy. «Zalym» (Злая) mýuzikliniň dowamy geçen uikendde Demirgazyk Amerikada 8,5 mln dollar gazandy. Dört hepde prokatyň dowamynda filmiň umumy girdejisi 467 mln dollara ýetip, 2024-nji ýyldaky birinji bölümiň görkezijisinden pes boldy.