ABŞ-da Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak meýilleşdirilýär. Bu barada 17-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwardsyň arasynda geçirilen duşuşykda pikir alşyldy. Çäräni Türkmenistanyň ilçihanasy bilen bilelikde geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda «FIT International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, bu şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin däp bolan çakylyk üçin hoşallygyny bildirdi hem-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli Halkara forumynyň ähmiýetini we netijeliligini aýratyn belledi. Taraplar «FIT International» kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellemek bilen, onuň Türkmenistanyň möhüm we ähmiýetli wakalary mynasybetli geçirilen tematiki çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşandygyny nygtadylar. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki medeni we bilim ugurly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine aýratyn orun berildi. Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ABŞ-nyň degişli guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir