Argentinanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Finalissima oýny 2026-njy ýylyň 27-nji martynda geçiriler. Duşuşyk Doha şäherindäki (Katar) «Lusail» stadionynda bolar. Belli bolşy ýaly, bu oýun Ýewropa we Amerika çempionatlarynyň häzirki ýeňijileriniň arasynda geçirilýär. Toparlar geljekki oýunda oýnamak hukugyny 2024-nji ýyldaky ýeňişlerinden soň gazandy: Argentinanyň milli ýygyndysy Amerikanyň Kubogyny utdy, Ispaniýanyň milli ýygyndysy bolsa Ýewropanyň çempiony boldy. 2022-nji ýylda geçirilen Finalissimada Argentinanyň milli ýygyndysy Italiýanyň milli toparyny 3:0 hasabynda utdy. Duşuşyk Londondaky (Angliýa) «Uembli» stadionynda boldy. Geljekki oýnuň geçiriljek ýeri bolan «Lusail» stadiony ozal 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalyny kabul edipdi. Şol oýunda Argentinanyň ýygyndysy Fransiýanyň toparyny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy (3:3, penaltide 4:2).

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir