Google kompaniýasy Google Translate hyzmatynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Esasy üýtgeşme indi islendik nauşnik modeli bilen işleýän sözleýşi sinhron terjime etmek funksiýasy boldy. Ozal bu mümkinçilik diňe Pixel Buds-yň eýelerine elýeterlidi. Täzelenmäni ulanmak üçin indi diňe gabat gelýän Android smartfony we “Terjimeçi” programmasy gerek diýip, The Verge habar berýär. Hyzmat 70-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Funksiýa beta-synag režiminde işe girizilýär we ilki ABŞ-daky, Meksikadaky we Hindistandaky ulanyjylar üçin elýeterli bolar. 2026-njy ýylda sinhron terjime programmanyň iOS wersiýasynda hem peýda bolar. Munuň bilen birlikde kompaniýa Gemini EA modeliniň mümkinçiliklerini ulanyp, tekst terjimesini gowulandyrdy. Kompaniýa täzelenen ulgamyň çylşyrymly dil gurluşlary – köplenç, göçme manyda ulanylýan idiomalar we slengler bilen has takyk işleýändigini belledi. Ýene bir üýtgeşme dil öwrenmek üçin gural bolan “Türgenleşik” funksiýasyna degişli. Bu bölüm ulanyjynyň derejesini we söz baýlygyny göz öňünde tutup, şahsylaşdyrylan sapaklary berýär. Funksiýa goşmaça ýene 20 ýurtda hödürlendi, ýöne häzirem beta-wersiýasy görnüşinde bolup, hemmeler üçin elýeterli bolman biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir