Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar. Şertnama aktýorlaryň daşky keşbini we sesini ulanmagy göz öňünde tutmaýar. Iň şowly döredilen wideolar Disney+ akym hyzmatynda görkeziler. Walt Disney OpenAI-iň esasy müşderileriniň biri bolar. EA tehnologiýalaryny beýlekiler bilen bir hatarda Disney+ platformasy üçin täze önümleri we gurallary işläp taýýarlamak, şeýle-de ChatGPT çat-botuny işgärleriň iş prosesine ornaşdyrmak üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Disney-iň baş direktory Bob Aýger bu şertnama teswir bermek bilen, tehnologiýa innowasiýalarynyň dynç alyş pudagynyň ösüşinde ähmiýetini nygtady. “Emeli aňyň çalt ösüşi pudagymyz üçin möhüm pursaty alamatlandyrýar we OpenAI bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde biz, döredijilere we olaryň işlerine hormat goýmak we goramak bilen, generatiw EA arkaly hekaýalarymyzyň gerimini oýlanyşykly we jogapkärçilikli giňelderis” – diýip, ol aýtdy. Şeýle-de, Aýger Disney gahrymanlarynyň ösen tehnologiýalar bilen birleşdirilmeginiň muşdaklara halaýan hekaýalary bilen aragatnaşygyň täze, has şahsylaşdyrylan usullaryny hödürlejekdigini belledi.