14-nji dekabrda Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Çykyşlarda milli maksatnamalara laýyklykda, pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Ýurdumyzdaky uglewodorod känli ulanyş guýularyndan çig malyň yzygiderli alynmagy we nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bu ugurdaky işleriň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmegiň, bu işleri ýokary ekologik talaplara laýyklykda amala aşyrmagyň, şeýle-de howanyň üýtgemegine täsiri peseltmegiň öňde durýan möhüm wezipeler bolup durýandygyna ünsi çekdiler. Maslahatyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli nebitgaz toplumynyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra “Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym” we “Parahatlyk nury örtüp Zemini,//Geldi jebisligiň ajap zamany” diýen at bilen geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşikler Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde hekaýalar, oçerkler, makalalar we fotoreportaž ugurlary boýunça geçirildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde konsert geçirildi. Hünär baýramçylygy mynasybetli guralan konsertde ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.