Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat. Hytaýda ol bäş wersiýada hödürlenýär. Galan ýagdaýda global wersiýanyň tehniki aýratynlyklary hytaý wersiýasy bilen birmeňzeşdir. Huawei Mate X7 Kirin 9030 çipseti bilen enjamlaşdyryldy we iki displeýi bar. Smartfon durulygy Full HD+ we iň ýokary ýagtylygy 3000 nit bolan 6,49 dýuým diagonally daşky ekrana eýe boldy. Içki, eplenýän ekranyň diagonaly 8 dýuýma we durulygy 2416×2210 piksele barabar. Displeýleriň ikisi-de 120 Gs kadr ýygylygyny goldaýar. Öndüriji dizaýna aýratyn üns berdi: Mate X7-niň ýogynlygy açylan görnüşde 4,5 mm, ýygnalan görnüşde 9,5 mm, agramy 235 grama barabar. Smartfon IP58 we IP59 ülňüleri boýunça suwdan goragly. Ekran bolsa ikinji nesil Kunlun Glass aýnasy bilen goralýar. Akkumulýatoryň sygymy 5600 mA/sag bolup, 66 Wt simli we 50 Wt simsiz zarýad alşy goldaýar. Şeýle-de, smartfona goşmaça zarýad bermezden 10 güne çenli işlemäge mümkinçilik berýän «Ekspedisiýa» režimi göz öňünde tutuldy. Kamera ulgamy flagman Mate 80 Pro bilen meňzeş. Ol üýtgeýän diafragmaly 50 Mp esasy moduly, 40 Mp ultra giňburçly obýektiwi we 3,5 esse optiki zum bilen periskopik kamerany öz içine alýar. Huawei-niň maglumatlaryna görä, Collector's Edition wersiýasynda esasy sensor iPhone 17 Pro Max-dan ýagtylygy iki esse köp tutýar. Dünýä bazarynda Huawei Mate X7 üç reňkde hödürlenýär: Obsidian Black, Cloud White we Universal Red. Smartfonyň bahasy 2099 ýewro.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir