12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy. Baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym ýaňlandy. Konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna berlen baha hökmünde kabul edildi. Şunda estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, tans we folklor toparlarynyň sazlaşykly çykyşlarynyň dabara özboluşly öwüşgin çaýandygyny bellemek gerek. Çykyşlarda halkymyzyň bähbidine amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşleri, ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler çeper beýan edildi. Däp bolşy ýaly, şanly senäniň hormatyna guralan konsertde küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly joşgunly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli baýramçylygyň hormatyna guralan konsert ýakymly pursatlara baý boldy. Aşgabadyň nurana agşamlarynda asuda asmany ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerk giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryny jemledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir