Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana saparlary amala aşyrar. Eýranyň MNA agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Esmail Bagai aýtdy. Eýranyň DIM-niň wekili Esmail Bagai Aşgabada we Astana boljak saparlary baradaky teswirler bilen birlikde, Azerbaýjan bilen häzirki wagtda alnyp barylýan maslahatlaşmalary, şeýle hem Russiýanyň we Belarusyň ýokary derejeli resmileri bilen öňde boljak duşuşyklary belläp geçdi. Aşgabada saparyň resmi maksady yglan edilmedik bolsa-da, Prezident Pezeşkianyň Türkmenistana saparynyň iri halkara çäreleriň çäklerinde geçirilmegine garaşylýar. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçiriler, ol duşuşyk üçin mümkin bolan meýdança bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir