Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe mähriban Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýaş hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň döredijilik zehinlerini kämilleşdirmek, şeýle-de täze gözleglere we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen guraldy. Bäsleşige gatnaşan birnäçe türkmen ýaşlarynyň arasyndan ýörite döredilen eminler topary tarapyndan 20 sany ýaş hünärmenler we talyp ýaşlar bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde saýlandy. Ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir