Telegram messenjeri akkaunta girmegiň täze usulyny girizdi: indi muny giriş açarynyň (Passkey) kömegi bilen amala aşyryp bolýar diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär. Täze funksiýanyň netijesinde ulanyjylara akkaunta girende SMS koduny ýa-da paroly ulanmak gerek däl. Täze giriş usulyny işjeňleşdirmek üçin ulanyjy sanly açar döretmeli. Döretmek prosesi biometrik maglumatlary ulanmak bilen şahsyýeti tassyklamagy öz içine alýar. Elýeterli usullar: ýüzi (Face ID), barmak yzyny skanirlemek (Touch ID) ýa-da kod-paroly girizmek. Döredilen Passkey açary gönüden-göni ulanyjynyň enjamynda saklanýar. Funksiýa programmanyň sazlamalarynda, «Gizlinlik» bölüminde elýeterlidir. Mundan öň, oktýabrda Telegram akkaunta elektron poçta arkaly iberilen kod boýunça girmek mümkinçiligini goşupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir