Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. «Barselona» öz öýünde «Aýntrahtdan» üstün çykdy, «Atalanta» «Çelsi» bilen oýnuň gidişini üýtgetdi, Angliýanyň «Liwerpuly» bolsa duşuşygyň ahyryndaky penaltiniň netijesinde Milanyň «Interini» utdy. «Barselona» - «Aýntraht» 2:1 «Barselona» 2023-nji ýylyň maýyndan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň oýnuny «Kamp Nou» stadionynda geçirdi. Ýöne oýnuň birinji ýarymy ýer eýeleri üçin şowly bolmady. Frankfurt topary 21-nji minutda Ansgar Knauffyň goly bilen öňe çykdy. «Barselona» ikinji ýarymda Žýul Kundeniň iki gezek kelle bilen takyk urgusynyň netijesinde oýnuň soňuny kesgitledi. Ilkibaşda goragçy 50-nji minutda Markus Reşford topy berenden soň hasaby deňledi, üç minutdan soň Lamin Ýamalyň topy geçirmegi bilen gol girizdi. «Inter» - «Liwerpul» 0:1 «San-Sirodaky» oýun ahyryna çenli dartgynlylygy saklady. Birinji ýarymda VAR Ýugo Ekitike el bilen oýnandygy sebäpli Ibraima Konateniň goluny ýatyrdy. Oýnuň ahyrynda-da ýene VAR goşuldy: wideo gaýtadan seredilenden soň Alessandro Bastoniniň meýdança çykan Florian Wirse garşy düzgüni bozandygy üçin penalti bellendi. 88-nji minutda 11 metrlik urgudan Wengriýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Dominik Soboslai gol geçirdi. «Atalanta» - «Çelsi» 2:1 «Çelsi» Žoao Pedronyň goly bilen hasaby açdy. Arakesmeden tiz wagtdan soň Şarl de Ketelareniň topy geçirmeginde Janluka Skamakka kelle urgusy bilen hasaby deňledi. 83-nji minutda de Ketelareniň özi ýeňiş goluny geçirip, Bergamo klubuny ýaryş jedwelinde üçünji orna çykardy. Oýun gününiň galan oýunlarynyň netijeleri: ·«Bawariýa» — «Sporting» 3:1 · «PSW» Eýndhowen — «Atletiko» Madrid 2:3 ·«Kaýrat» — «Olimpiakos» 0:1 ·«Monako» — «Galatasaraý» 1:0 ·«Ýunion» — «Olimpik Marsel» 2:3 ·«Tottenhem» — «Slawiýa» 3:0 Ikinji oýun gününiň oýunlary Eger başga wagt görkezilmedik bolsa, ähli oýunlar penşenbe gününe geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar. ·«Karabah» — «Aýaks» (22:45) ·«Wilýarreal» — «Kopengagen» (22:45) ·«Atletik» — «Pari Sen-Žermen» ·«Baýer» — «Nýukasl» ·«Borussiýa» Dortmund — «Budýo Glimt» ·«Brýugge» - «Arsenal» ·«Ýuwentus» — «Pafos» ·«Real» — «Mançester Siti» ·«Benfika» — «Napoli»

Sport, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir