2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda dünýäde maglumat syzmalarynda hasaba alnan her iki ýüzünji parol «2024» bilen gutarýardy. Bu barada global maglumat syzmalaryny seljermegiň netijesinde «Kasperskiý labaratoriýasy» tarapyndan alnan maglumatlara salgylanyp, TASS habar berýär. Gözleglere görä, love sözi parollarda iň köp ulanylýan söz, 12345 bolsa iň meşhur san kombinasiýasy boldy. Şeýle-de, hünärmenler ähli syzan parollaryň 10%-iniň sözleri däl-de, 1990-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli senelere meňzeş sanlary saklaýandygyny anyklady. Love sözünden başga-da, ulanyjylar ýurtlaryň atlaryny we şahsy atlary köp ulanýar. Ýatlap geçsek, geçen ýyl NordPass-yň maglumatlaryna görä, iň meşhur parol «123456» boldy. Giňden ýaýran kombinasiýalaryň onlugyna «1234566789», «123456678», «password», «qwerty123», «11111», «secret» we «123123» girdi. Bellenilişi ýaly, bu parollaryň islendik birini döwmek bir sekuntdan az wagt alýar. Ygtybarly parol döretmek üçin bilermenler sanlaryň, setir we baş harplaryň, şeýle-de ýörite belgileriň we transliterasiýalaryň utgaşmasyny ulanmagy maslahat berýär. Belgiler azyndan 12 sany bolmaly. Bellenilişi ýaly, 18 dürli belgiden ybarat kody döwmek üçin ýüzlerçe trillion ýyl, 7-10 belgiden ybarat bir görnüşli paroly döwmek üçin bolsa bir sekuntdan az wagt gerek.