ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda meýilleşdirilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýaryşynda dokuz çempionlyk söweşiniň geçiriljekdigini aýtdy. «Ak tamda UFC ýaryşy 14-nji iýunda geçer. Olar sekiz ýa-da dokuz çempionlyk söweşini geçirer. Bu häzire çenli iň uly söweşler bolar. Olaryň ählisi titul söweşleri bolar. Häzirki wagtda tutluşyklaryň käbirini hut 14-nji iýunda geçirer ýaly ýarym ýyl yza süýşürmäge çalyşýarlar. Bu örän ajaýyp bolar» – diýip, X sosial ulgamynda Home of Fight akkaunty Trampyň sözlerini getirýär. Prezidentiň aýtmagyna görä, meýdança bäş ýa-da alty müň orunlyk bolar we göni Ak tamyň garşysynda ýerleşer. Şeýle-de, ýüzlerçe müň tomaşaçy söweşleri rezidensiýanyň arkasynda gurnaljak on sany uly ekranda görüp biler. Ozal promouşeniň başlygy Dana Uaýt Waşingtondaky ýaryş üçin söweşijileri saýlamak işiniň fewraldan ýa-da martdan ir başlamajakdygyny aýtdy.