Ilon Maskyň SpaceX amerikan aerokosmos kompaniýasy maýadarlar bilen kompaniýany 800 mlrd dollar bilen bahalandyryp biljek paýnamalary satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada gepleşikleriň gidişi bilen tanyş çeşmeler habar berdi diýip, The Financial Times ýazýar. SpaceX-iň häzirki bazar bahasy 400 mlrd dollar bolup, bu onuň bahasynyň iki esse ýokarlanjakdygyny aňladýar. Paýnamalary kesgitlenen baha boýunça üstünlikli satmak başardan ýagdaýynda, SpaceX ABŞ-da ýene iň gymmat hususy kompaniýa bolar diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Häzirki wagtda bu at Sem Altmanyň OpenAI kompaniýasyna degişlidir. SpaceX-iň maýadarlary kosmos pudagynda amerikan hökümetiniň potratçysy bolan we hemralar arkaly global Starlink internet hyzmatyny ösdürýän kompaniýanyň paýnamalary ilkinji gezek köpçülige hödürlemegine (IPO) köp garaşdy. The Wall Street Journal neşiri 800 mlrd dollar baha ýetmäge kepiliň ýokdugyny, ýöne IPO-nyň 2026-njy ýyla meýilleşdirilendigini belleýär.