Meşhur serialyň dowamy boljak «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» (Острые козырьки. Бессмертный человек) filmi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda prokata çykar. Netflix resmi afişany we premýeranyň senesini sosial ulgamlarda paýlaşdy. Baş keşbi Killian Mýorfiniň ýerine ýetirmegindäki film öz ýoluny çäkli kinoprokatdan başlar. Iki hepdeden soň, 20-nji martda ol Netflix akym hyzmatynda sanly görnüşde çykar. Doly metražly taslama 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda Bi-bi-side ýaýlyma berlen serialda tamamlanan wakanyň dowamy bolar. Serial 1920-nji ýyllarda Birmingemde Şelbi jenaýat maşgalasy barada gürrüň beripdi, onuň sýužeti bolsa 1938-nji ýyllarda, Ikinji jahan urşy başlamazdan ozal tamamlandy. Killian Mýorfi ýene-de baş gahryman Tommi Şelbiniň keşbini ýerine ýetirer. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Stiwen Grem, Tim Rot, Rebekka Fergýuson, Barri Keogan, Sofi Randl, Ned Dennehi, Paki Li we Ien Pek girdi.