Afrika milletleriniň kubogynyň guramaçylary Marokkoda geçiriljek geljekki ýaryşyň resmi tumaryny hödürledi. Ol Assad atly ýolbars boldy. «Tumar Marokkonyň iň belli milli nyşanlarynyň biri we Afrika yklymynda birleşdiriji hem kuwwatly keşp bolan Atlas ýolbarsyndan ylham aldy. Onuň arap dilinden «ýolbars» diýmegi aňladýan ady Marokkoda we Afrikada janköýerler üçin möhüm bolan güýji, buýsanjy we medeni özboluşlylygy alamatlandyrýar» – diýlip, Kubogyň saýtynda aýdylýar. Tumar stadionlarda, fan-zolaklarda we dürli jemgyýetçilik çärelerinde janköýerler bilen işjeň aragatnaşyk saklar. Şeýle-de, ol global marketing we mahabat kampaniýalaryna gatnaşar, sanly kontenti baýlaşdyrar we CAF brendiniň uzak möhletleýin ösüşine ýardam eder. Assadyň wizual obrazy – gujurly we dostlukly ýaş ýolbars. Onuň daşky keşbi we reňk palitrasy TotalEnergies CAF AFCON Morocco 2025 ýaryşynyň umumy stili bilen sazlaşykly utgaşyp, ýaryşyň bitewi we dinamiki durkuny üpjün edýär. Assad Afrikanyň myhmansöýerligini, döredijiligini we köpdürlüligini şöhlelendirýär. Ýaryş 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda geçiriler.