Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Garaşylýan sapar barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşykda habar berdi. «Indiki hepde biz Prezident Ärdogan bilen bilelikde Aşgabada bararys... Bu döwlet sapary bolar» – diýip, TASS agentligi Baýraktaryň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, saparyň dowamynda tebigy gaz üpjünçiligi ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Ministr Türkmenistandan gaz akymynyň iberilip başlanmagynyň türk we Ýewropa bazarlary üçin möhüm waka bolup durýandygyny belläp geçdi. Ol türkmen gazyny Günorta gaz geçelgesi arkaly Ýewropa daşamak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir