Suratkeş Rafael El Baz Londonyň bir etrabynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen söhbetdeşlikleri täze maglumat merkeziniň (data-center) öň tarapyny bezeýän uly göwrümli nagşa öwürdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. El Baz Park-Roýal sebitindäki daş-töweregiň seslerini, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar we telekeçiler bilen bolan 120 audio söhbetdeşligi ýazga aldy. Bu ýazgylary ol ikili koda we ses tolkunlaryna öwürdi. Alnan nagyşlar deşikler görnüşinde alýumin panellerine geçirildi. Installýasiýa "11 million nokat" diýlip atlandyryldy we täze maglumat merkeziniň öň tarapynyň alty gatynda 2700 inedördül metr meýdany tutdy. Bu surat şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda döredilen, Londondaky iň uly sungat eseri boldy. El Baz sanly maglumatlaryň nähili boljakdygyny – adamlaryň her gün ulanýan, ýöne asla gözlerine ilmeýän zatlaryny öwrenmäge çalyşdy. "Meniň işim material, durnuklylyk we akym bilen baglanyşykly. Ol käbir materiallara doly baha berip bilmeýändigimiz we munuň käbir wakalaryň gymmatyny bilmezlige eltýändigi hakda" – diýip, suratkeş düşündirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir