Iwan Aýwazowskiniň “Diri galanlar” (“Выжившие”) atly eseri Londondaky Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy. Bu baha suratkeşiň auksionda satylan eserleri üçin rekord boldy. “Diri galanlar” eseri 25-nji noýabrda “Faberže, imperiýa we rewolýusiýa döwrüniň sungaty” atly auksionynda görkezildi. Bu iş 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bazara çykaryldy. 1878-nji ýylda döredilen bu eser deňziň güýjüni we adamyň oňa garşy göreşiniň dartgynly pursatyny açyp görkezýär. Bu ýagdaý suratkeşiň döredijiligine mahsus häsiýetdir. Onda gämi heläkçiliginden halas bolan deňizçileri alyp barýan halas ediş gämisi şekillendirilýär. Görnüşine görä, olaryň biri gözýetimde ýa-ha gury ýeri, ýa-da ýakynlaşyp gelýän gämini görýär. Käbir bilermenleriň pikirine görä, möçberi we täsir güýji boýunça “Diri galanlar” eseri rus muzeýiniň ýygyndysyndaky rowaýata öwrülen “Dokuzynjy wal” (“Девятый вал”) bilen deňeşdirilýär. Ondan öň suratkeşiň eserleriniň içinde auksion rekordy 2012-nji ýylda 3,2 million funt sterlinge satylan “Konstantinopolyň we Bosforyň görnüşi” (“Вид Константинополя и Босфора”) eserine degişlidi.