Apple könelen (Obsolete) enjamlaryň sanawyny täzeledi. Indi oňa resmi taýdan iPhone SE smartfony (1-nji nesil) we beýleki käbir enjamlar: 12,9 dýuýmlyk iPad Pro (2-nji nesil), Hermes we Nike wersiýalarda Apple Watch Series 4 sagady, şeýle-de Beats Pill 2.0 girdi. Şol bir wagtyň özünde, adaty Apple Watch Series 4 modelleri wintaž (Vintage) enjamlaryň hatarynda galýar. Kompaniýanyň syýasatyna görä, soňky resmi satuwyndan ýedi ýyl geçen enjamlar könelen hasaplanýar. Apple we ygtyýarly hyzmat merkezleri şeýle gurluşlary bejermekden ýüz öwürýär we ätiýaçlyk şaýlaryny sargyt etmeýär. Diňe käbir MacBook noutbuklary üçin kadadan çykma bolup biler, olaryň batareýasyny bejermegiň möhleti ätiýaçlyk şaýlary bolan ýagdaýynda on ýyla çenli uzaldylyp bilner. Kompaniýa wintaž sanawyna bäş ýyldan gowrak wagt bäri satylmadyk enjamlary goşýar. Olar häzirem bejerilip bilner, ýöne bu bölek şaýlaryň barlygyna bagly bolýar. Mysal üçin, adaty Apple Watch Series 4 sagady hut şu sebäp bilen Nike we Hermes wersiýalaryndan tapawutlylykda satuwda uzak galdy we entek könelmedi. Apple-iň wintaž we könelen enjamlarynyň sanawy bilen kompaniýanyň saýtynda tanşyp bilersiňiz.