Salam hormatly talyplar.comyn mahriwan agzalary we talyp komunyn agzalary bolman yone myhman bolyanlar! Men bu temany acmak bilen oz bilyan zatlarymy siz bilen hem paylasayyn diydim!Men su temany turkmenin hakdan icen sahyry Gurbannazar Ezizowyn yagty yadigarligini yatlap acdym! Has dogrysy men Gurwannazar Ezizow barada bilenlerimi aydayyn egerde sizem bilyan bolsanyz gosulsyp pikir alsyp bilersiniz! Howa Gurwannazar Ezizow turkmenin hakdan icen sahyry! Beyik sahyrymyzyn her bir yazyp miras goyup giden setirlerinde uly many alarlyk zatlar bar! Gurbannazar sahyra yogsada name ucin hakdan icen sahyr diydilerka bilyaniniz barmy aranyzda!? Has dogrysy men ozuma bilemok yone aydyslaryna gora beyik sahyrymyz yazan setirleri gosgulary hic bir beyleki sahyrynka menzemandir! Aslynda kimi alyp gorseniz gorayin kim gosgy yazyan bolsa bilyandir. Her bir gosgy yazyan adam bir sahyryn yazylys ritimine menzetme edilip yazyandyr. Has dogrysy su wagtky yetisip gelyan yetginjek sahyrlar bar solaryn soyguli sahyry bolyar oz yanlarynda. Beyleki sahyrlara seredeninde oz soyguli sahyrlarynyn doreden eserlerini kop okayarlar we netijede yazylayn setirler hem edil soyguli sahyryn gosgularyna menzap gidiweryandir! Gurbannazar sahyrymyzynky bolsa solar yaly yollaryn hicisine hem girmandir! Yagny beyik sahyrymyzyn yorute ayratyn doredijilik yoly bolan hic hili ogurlyk menzetme bolmadyk! Kawir gosgularynda hic hili kapiya owadanlyk bolmadyk -yone ondada yazan zatlaryny turkmen halky soyup okayar. Sol sewaplem Gurbannazar Ezizowa Hakdan icen sahyr diyilyar! Men mekdepde okayan wagtym klasyolbassym bardy uly yasuly turkmen dili edebiyatdan sapak bererdi. Bir gezek Gurbannazar Ezizowyn omri we dorejiligini gecenimizde mugallymymyz gozine yas aylap sahyr hakda gyzykly gurrunler berdi! Asyl bizin klas yolbassymyz beyik sahyryn talyby bolsa natjek!bizin mugallymymyz uniwersitetde talyp wagty Gurbannazar agada mugallym eken sapak gecer eken. Sonda yolbassymyz Beyik sahyr hakda gyzykly gurrun edip berdi! Beyik sahyr omrunde dine gynanyp yasan adam eken. Kawir adamlara dozman, kawirlerine gaharlanyp, kabirlerini bolsa gowy goren sahyr eken! Gurbannazar aga her gun gije oyune gelip aglar eken oyunde ile billirtman! Eysemde erkegin aglasa nahili ayylgancdygyny bilyansiniz dostlar! Sonda ayaly diyyan eken Gurbannazar goy indi sen uly adam caga dal beydip aglap yorsen il gun name diyer diyse sahyr aga seyle jogap beripdir diyip jogap beripdir!Has dogrysy Gurbannazar aga durmysyn kyndygyna dusunip sonun ucin aglapdyr! Bir zada erwet gynansa aglar eken! Bu zatlary bolsa mugallymyz sey diyip gurrun berip 60 yasyny arka atan yasuly adam 30 okuwcyn onunde gozune yas aylanyny jubsunden yalyk cykaryp anyrsyna owrulip superenini su wagtlar hem yadymdan cykanok!Sizem turkmenin beyik hakdan icen sahyry barada bilyan zatlarynyzy yazsanyz hosal bolardym! Sozumin ahyryny bolsa sahyryn su setirleri bilen sonlamakcy: “Bilýän” Aglarsyňyz, bilýän, bada, Meň gabrym gazylan wagty Dilärsiňiz o dünýäde Meniň üçin uly bagty. Bilýän, goýun soýarsyňyz, Sähel tukat bolman häli. Meýi doly guýarsyňyz, Meni biraz ýatlar ýaly. Adat bilen aýdarsyňyz Gerek sözi birden-birden… Soňra bolsa, undarsyňyz, - Meniň meýdim – gabrym nirde.

Köneler, Bagyr tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir