Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär. “Bu açyş halkara klimat gün tertibi üçin möhüm yşarat bolmaly. Eger Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes eden bolsa, bu dünýäniň beýleki sebitleriniň temperatura derejesini Selsiý boýunça 2 gradusda saklamak we betbagtçylykly howa üýtgemeleriniň öňüni almak üçin zyňyndylary has-da azaltmalydygyny aňladýar. Şeýle hem, biz tokaýlary çapmagy bes etmek boýunça işimizi güýçlendirmelidiris” diýip, Lester uniwersitetiniň professory Heýko Baltszer mälim etdi. Alymlar hemralar we aerofoto suratlary arkaly toplanan maglumatlary, şeýle hem 2007-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde Afrikanyň 10 800 tokaý sebitinden biomassanyň ölçeglerini öwrenenden soň şeýle netijä geldiler. Hasaplamalar 2010-njy ýyla çenli Afrikanyň umumy biomassasynyň ýylda takmynan 433 million tonna köpelendigini görkezdi, ýöne şondan soň tebigy ýangynlaryň ýygylygynyň artmagy we tropiki tokaýlaryň çapylmagynyň güýçlenmegi sebäpli çalt peselip başlady. Iň işjeň ýitgiler (ýylda takmynan 133 million tonna biomassa) 2010-2015-nji ýyllar aralygyna gabat geldi. Ýitgiler esasan Madagaskar, Kongo Demokratik Respublikasy we Günbatar Afrika ýurtlary ýaly tropiki sebitlerde jemlendi. Ýitgileriň bir bölegi sawanna biomassasynyň köpelmegi bilen öwezi dolundy, ýöne umuman alanyňda, Afrikanyň tokaýlary CO2 siňdiriji bolmagyndan zyňyndylaryň esasy çeşmesine öwrüldi.